Bilettm.com bilen tanyşlyk

Bilettm.com – bu bilet operatorydyr. Ol islendik çärelere – konsertlere, festiwallara, filmlere, teatrlara, sergilere, biznes-konferensiýalara, çagalar üçin shoulara we sport çärelere resmi biletleri satmak bilen meşgullanýar.

Biz elektron bilet tehnologiýasyny tutuş ýurt boýunça ýola goýup, iň uly distribýutor ulgamyny döretdik. Programmanyň günde täzelenip durmagy Size Türkmenistanda bolup geçýän ähli çärelerden habarly bolmaga mümkinçilik berýär. Serwisiň kömegi bilen biletleri islendik ýerlere we senelere alyp bilýäňiz.

Biziň işimiz müşderileriň rahatlygyna we howpsuzlygyna gönükdirilendir. Şonuň üçin has gowy bolmak üçin biz yzygiderli kämilleşýäris. Biziň üçin iň möhüm zat – Siziň ynamyňyzdyr.

Biziň ulgamymyzdan bilet almak bilen, Siz

  • Özüňizi ýasama biletlerden goraýaňyz;
  • Iň ýokary hyzmat alýaňyz;
  • Ýurduň iň gyzykly wakalarynyň şaýady bolýaňyz;
  • Biletleri yzyna wagtynda tabşyryp bilýäňiz;
  • Biziň hemaýatkärlerimiziň baýraklary ugrunda ýaryşlara gatnaşýaňyz.

Saýta girip ýa-da telefon programmasyny gurnamak bilen, Siz gowy görýän artislteriňiziň konsertlerine gatnaşarsyňyz, möhüm teatr oýnunyň ilkinji görkezilişine tomaşa edip ýa-da çagalar üçin şou meýilleşdirip bilersiziňiz.

Biz diňe bir bilet satman eýsem, Sizi ruhlandyrjak duýgulary berýäris.