Bileti nädip satyn almaly

Satyn almagyň usullary

Size Bilettm.com saýtynda ýa-da telefon programmasynda bilet almagyň iň täze usullary hödürlenilýär.

Saýtda bileti kompýuteriň ýa-da smartfonyň üsti bilen islendik wagt alyp bilýäňiz. Buýurma edilenden soň, bileti kagyza çykaryp girelgede görkezmeli. Onuň gowy tarapy – Siz wagtyňyzy we pulyňyzy tygşytlaýaňyz.

Telefon programma bolsa mobil bilet almaga mümkinçilik döredýär. Ol bileti printerden çykarmak zerurlygy aradan aýyrýar. Bileti diňe telefonyň ekranynda görkezmek ýeterlik.

Nädip satyn almaly 

Bileti almak üçin, Siz çäräni, onuň wagtyny we senesini saýlamaly. Soňra bolsa “Satyn almak” düwmesine basmaly. 

Öňüňizde online satylýan biletleriň sanawy ýerleşdirilen penjire açylar. Siz adaty ýa-da VIP-biletleri alyp bilýäňiz. Indi bolsa boş ýerleri saýlaň - olary belläň. Üns çekesimiz gelýän zat – Siz zalyň shemasyny hem görüp bilýäňiz. Ýerleri saýlaňyzdan soň, “Ýerleriňizi tassyklaň” düwmesine basyň.

Üns beriň!!! Buýurmanyň sahypasyna geçeniňizden soň, ony resmileşdirmek üçin Siziň 30 minudyňyz bar. Şondan soň – saýtdaky ähli ýerler ýene elýeter bolar we olary täzeden saýlap, formany doldurmaly bolarsyňyz. Taýmeri ekranyň sag tarapynda buýurmanyň bahasy baradaky maglumatyň aşagynda görüp bilersiňiz.

“Buýurma üçin maglumat” atly sahypasynda ýyldyzjyk bilen bellenen gerekli boşluklary dolduryň. Adyňyzy, familiýaňyzy we elektron poçtaňyzy görkeziň. Soňra bu maglumatlary ähli biletler üçin göçüriň ýa-da eýeleri baradaky maglumatlary girizip, “Tölemek” düwmesini basyň.

Ýüzünde kimiň ady ýazylanyna garamazdan, bileti islendik kişi ulanyp biler.  

Siz bankyň elektron tölegleri işleýän saýtyna geçýäňiz. Gerekli boşluklary dolduryň we “Tölemek” düwmesini basyň. Amal üstünlikli ýerine ýetirilende töleg boýunça maglumat ýerleşdirilen penjire açylar we ssylkalar çykar. Olar boýunça biletleri alyp bilersiňiz (sahypadan çykanyňyzda, ssylkakar işlemez).

Töleg

Buýurmanyň tölegi Altyn Asyr bank kartyň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Töleg amala aşyrylandan soň elektron bilet buýurma resmileşdirilen wagtynda görekezilen e-mail salga ugradylýar.

Bileti kabul etmek    

Buýurma üstünlikli ýerine ýetirilenden soň, bilet birnäçe minudyň dowamynda PDF formatda görkezilen elektron poçta geler. Eger Size hat gelmese, biziň kömek gullugymyza ýüz tutuň.

Üns beriň! 

  • Bilet gözlenilende we buýrulanda, onuň sanawda barlygy baradaky maglumat diňe degişli sahypa geçilende mälim bolýandygyny göz öňüne tutuň. Eger Siz sahypada köp wagtlap saklansaňyz, boş ýerlere biletler başga satyn alyjy tapyndan eýelenip bilner.
  • Bir müşderi şol bir wagtda bäş biletden köp buýurmak rugsat edilmeýär.
  • Programmanyň üsti bilen mobil bilet buýurmak, ony printerde çap etmek zerurlygy aradan aýrylýar. Bileti girelgede telefonyň ekranynda görkezseň bolýar.
  • Saýtyň administrasiýasy ulgamy hyýanatçylykly peýdalanmagyň alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda ulanyjynyň buýurmasyny ret etmek hukugyny galdyrýar.

Soraglar ýüze çykan ýagdaýynda, kömek gullugyna ýüz tutup bilersiňiz: + (993) 12 60-60-60 jaň edip ýa-da maglumat@bilettm.com elektron salgysyna ýazyp bilersiňiz.