HYZMATLARY BERJAÝ ETMEGIŇ ŞERTLERI (KÖPÇÜLIK ÜÇIN NIÝETLENEN OFERTA)

ADALGALAR WE KESGITLEMELER

Guramaçy – Çäreleri guramak we (ýa-da) geçirmek boýunça işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýan ýuridiki tarap ýa-da hususy telekeçi;

Agent – “Tapylgysyz Mahabat” (SSB: 101 131 003 020, hukuk salgysy: 744017, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Köpetdag etraby, Parahat kiçietrapça 3/2 №18 jaý), Guramaçynyň adyndan we onuň tabşyrygy boýunça Saýt we PÜ arkaly, Biletleri satmak boýunça hyzmatlary berjaý edýär;

Çäre – Guramaçy tarapyndan geçirilýän köpçülikleýin medeni çäreler;

Bilet – Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda resmileşdirilen we Çärä barmaga hukuk berýän resminama;

Saýt – Agente degişli bolan we internet ulgamynda “bilettm.com” salgysy ýerleşdirilen web-resurs bolup, şonda Agent Guramaçy tarapyndan geçirýän Çäreleri we wagtyň geçmegi bilen, Saýtyň we PÜ Müşderileriniň şonuň ýaly Çärelere gatnaşmagynyň mümkinçilikleri barada Müşderilerini tanyşdyrmak maksady bilen, öz maglumatlaryny ýerleşdirmegine mümkiçilik döreýär;

– Agente degişli bolan programma üpjünçiligi “biletTm”.

Müşderi – on sekiz ýaşyna ýeten we internet ulgamyndan, Saýtdan we Programma üpjünçiliginden (PÜ) peýdalanmak arkaly, rezerwirlemegi amala aşyrýan we Biledi satyn alýan hususy tarap;

 

Agent global Internet ulgamynda ýerleşdirilen Saýt we Programma üpjünçiligi (PÜ) arkaly, aşakda görkezilenler barada Müşderiler üçin, köpçülige niýetlenen oferta diýlip hasaplanýan (mundan beýläk – «Оferta») şu Оfertany neşir edýär:

1. Oferta boýunça predmeti

1.1. Agent Guramaçynyň adyndan we onuň tabşyrygy boýunça Saýt we PO arkaly Müşderilere Biletleri satmak boýunça şu aşakdaky hereketleri amala aşyrýar:

Agente degişli sylagy kesgitleýär: Serwis ýygymy. Saýty we PO serişdelerini ulanmak bilen Biletleri özbaşdak ýaýradýar.

2. Оfertanyň baglaşylýan pursady

2.1.  Şu şertnamanyň teksti köpçülik üçin niýetlenen oferta bolup durýar.

2.2.  Ofertanyň aksepti - Agentiň şertleri we tarifleri arkaly kesgitlenýän tertipde sargalan hyzmatlaryň berjaý edilmegi we bular boýunça Müşderi tarapyndan töleg geçirilmelidir.

2.3.   Şu Оfertanyň şertleriň hiç hili şertsiz kabul edilmegi Müşderiniň Agente hyzmatlary buýrandygy görkezýän ýagdaýdyr, ýagny biletleri sargan ýa-da Agentiň hyzmatlaryndan peýdalanan Müşderä Agent bilen şertnamalaýyn gatnaşyklary amala aşyryp başlan tarap hökmünde garalýar.

3. Taraplaryň hukuklary we borçlary

3.1.    Agent şulary borç edinýär:

3.1.1. Şu Оfertanyň baglaşylan pursadyndan başlap, Müşderi üçin hyzmatlary şu Оfertada kesgitlenen hyzmatlaryň sanawyna we hil boýunça bildirilýän talaplara laýyklykda, ýerine ýetirmegi.

3.1.2. Şu Оferta boýunça huzmatlaryň şertlerini Müşderi bilen ylalaşmagy.

3.1.3. Şu Оfertada göz göz öňünde tutulan tertipden we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda Müşderiniň şahsy maglumatyny aýan etmezligi we şol maglumatyň üçünji taraplar üçin elýeterli etmezligi.

3.1.4. Müşderilere Saýtda we PÜ görkezilen telefonlar arkaly, maslahatlary muzdsuz almaga mümkinçilik döretmegi. Maslahatlaryň çygry şu Оferta boýunça hyzmatlary berjaý etmek bilen bagly anyk meseleler barada maslahat bermek arkaly çäklendirilýär.

3.1.5. Müşderi üçin hyzmatlary berjaý etmek boýunça boýun alan borçlaryny ýerine ýetirmegi. Agent fors-mažor ýagdaýlar ýüze çykan halatynda hyzmatlary berjaý etmezlik boýunça hukugyny özünde saklap galýar.

3.2. Agent şulara hukuklydyr:

3.2.1. Üýtgetmeleriň hereket edip ugramagyna çenli azyndan 10 (on) gün öňünden Saýtda we PÜ görkezmek arkaly, şu Ofertanyň şertlerini we hyzmatlar boýunça tarifleri bir taraplaýyn tertipde üýtgetmäge.

3.2.2. Müşderä mälim etmek arkaly, hyzmatlary berjaý etmek boýunça şu Оfertany baglaşmakdan ýüz öwürmäge hukuklydyr.

​​​​​​​3.3. Müşderi borç edinýär:

3.3.1. Şu Оfertanyň baglaşylýan pursadyna çenli Ofertanyň mazmuny, Ofertanyň 4.1-nji bendine laýyklykda Biletleri ýerlemegiň şertleri we Agentiň tarifleri bilen tanyşmagy.

3.3.2. Müşderi üçin berjaý edilen hyzmatlar boýunça tölegleri bellenilen möhletde geçirmegi.

4. Özara maliýe gatnaşyklary

4.1.  Müşderi üçin hyzmatlar Agentiň tarifleri we şertleri esasynda berjaý edilýär: Saýtda we PO-da her satylan Bilet üçin Biletiň nominal bahasyndan bellenilenen serwis ýygymy.

4.2. Guramaçy tarapyndan Çäreler ýatyrylanda, çalşyrylanda ýa-da başga wagta geçirilende, puly yzyna gaýtarmak Biletde görkezilen Çäräni Gurnaýjy tarapyndan we onuň bellän tertibinde, ýerinde we möhletinde amala aşyrylýar.

4.3. Bilet Müşderä gaýtarylyp berlende Bilediň nominal bahasyny tölemek Guramaçy tarapyndan onuň bellän tertibi, ýeri we möhletleri boýunça amala aşyrylýar.

4.4. Agentiň Serwis ýygymy gaýtarylyp berilmeýär.

4.5.   Bilediň nominal bahasyny gaýtaryp bermek baradaky arza Agentiň adyndan maglumat@bilettm.com e-mail arkaly kabul edilýär. Dynç alyş we baýramçylyk günlerinde Bilediň nominal bahasyny gaýtaryp bermek amala aşyrylmaýar.

5. Kepillendirmeleri bermekden ýüz öwürmek

5.1. Agent Guramaçynyň adyndan Müşderä hyzmatlarynyňgöwnejaý hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Müşderä berilýän maslahatlara we maglumatlara kepillendirmeler hökmünde garalmaly däldir.

5.2. Agent Guramaçynyň Çäräni guramak we geçirmek boýunça öz borçnamasyny ýerine ýetirmändigi ýa-da göwnejaý hilli ýerine ýetirmändigi ýa-da Guramaçynyň Çäräniň geçirmändigi ýa-da başga wagta geçirendigi üçin, haýsydyr bir görnüşde jogapkärçilik çekmeýär.

5.3. Agent Saýtdan we PÜ-den peýdalanmak arkaly islän netijesini gazanmadygy haýsydyr bir görnüşde jogapkärçilik çekmeýär.

5.4. Agent Agente bagly bolmadyk sebäplere görä, Saýtyň we PÜ-niň işlemegini üpjün edýän programma we/ýa-da apparata degişli serişdeleriň işinde dörän näsazlyklar, ýalňyşlyklar we bökdençlikler üçin jogap bermeýär.

5.5. Agent Saýtdan we PÜ-den peýdalanmagyň netijesinde ýa-da peýdalanmaga mümkinçiligiň bolmandygy üçin, Müşderiniň we/ýa-da üçünji taraplaryň gytaklaýyn/göni bolmadyk görnüşde ýitgileri çekendigi we/ýa-da peýdany elden giderendigi hem-de maglumatyň ýitirilendigi üçin jogapkärçilik çekmeýär.

5.6. Agent Müşderiniň üçünji taraplaryň bikanun hereketleriniň we şol sanda Müşderiniň şahsy Akkauntyna bikanuň aralaşylmagy bilen bagly hereketleriň netijesinde Müşderiniň ýitgä sezewar bolandygy üçin jogap bermeýär. Agent üçünji taraplara hasaba alnyş maglumatlarynyň Agente dahylsyz ýagdaýda aýan edilendigi zerarly, Müşderiniň ýitgä sezewar bolandygy üçin jogapkärçilik çekmeýär.

5.7. Taraplar öňüni alyp bolmaýan güýçli ýagdaýlaryň öz täsirini ýetirýän döwründe Oferta boýunça borçnamalaryň ýeriken ýetirilmändigi ýa-da göwnejaý hilli berjaý edilmändigi üçin jogapkärçilikden boşadylýar. Öňüni alyp bolmaýan güýçli ýagdaýlar diýlip, taraplaryň Oferta boýuça öz borçnamalaryny berjaý etmegine päsgel berýän adatdan daşary we öňüni alyp bolmaýan ýagdaýlara düşünilýär. Bu ýagdaýlara tebigy betbatçylyklar (ýer yranma, suwuň joşmagy), jemgyýetçilik durmuşyndaky ýagdaýlar (harby hereketler, adatdan daşary ýagdaýlar, giň gerimli iş taşlaýyşlar, epidemiýalar we beýlekiler), döwlet edaralarynyň gadagan edýän çäreleri (daşalmagyny gadagan etmek, walýuta boýunça çäklendirmeler, söwdany gadagan etmek baradaky halkara sanksiýalar we beýlekiler) degişli edilýär. Şol döwrüň dowamynda taraplar birek-birege nägilelik bildirmeýär hem-de taraplaryň hersi fors-mažor ýagdaýlaryň netijeleri bilen bagly töwekgelçiligi öz boýnuna alýar.

6. Şu Ofertanyň hereket edýän möhleti, şertleri üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibi

6.1.   Taraplar şu Oferta boýunça borçnamalaryň Agente ýüz tutulan pursadyndan başlanýandygyny hem-de şu Ofertanyň 1.1-nji bendinde beýan edilen hyzmatlaryň Agent tarapyndan ýerine ýetirilmeginiň netijesi boýunça Müşderiniň hakykatdan-da Biletleri almagy bilen tamamlanýar.

6.2.   Taraplar şu Ofertany berjaý eden mahalynda ýüze çykýan ähli jedeller we düşünişmezlikler gepleşikleri geçirmek arkaly çözülýär. Jedelleri we düşünişmezlikleri aradan aýyrmak mümkin bolmadyk halatynda, taraplar Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda öz bähbitleriniň goralmagy üçin kazyýete ýüz tutmaga hukuklydyr.

7. Beýleki şertler

7.1.   Şu Ofertany berjaý etmek maksady bilen, Müşderi Agente öz şahsy maglumatlarynyň, şol sanda familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň, telefon belgisiniň, elektron poçtasynyň ulanylmagyna meýletin razylydygy baradaky namany berýär, şeýle hem görkezilen şahsy maglumatlarynyň Agent bilen özara gatnaşyk saklaýan üçünji taraplara geçirilmegine we üçünji taraplaryň bu maglumatlaryň diňe Ofertanyň 7.4-nji we 7.5-nji bentlerinde göz öňünde tutulan maksatlar üçin ulanmagyna hukuk berýär.

7.2.   Müşderiniň şahsy maglumatlarynyň ulanylmagy bu maglumatlaryň toplanmagyny, saklanmagyny, işlenip taýýarlanmagyny, peýdalanylmagyny, ýaýradylmagyny, takyklanmagyny, blokirlenmegini we ýatyrylmagyny aňladýar.

7.3.   IP-salgy, brauzeriň görnüşi we operasion ulgam, görmek üçin aralaşylan senesi we wagty Saýta aralaşmak boýunça statistikany ýöretmek we Saýtyň gözleg algoritmelriniň işini oňaýlaşdyrmak maksady bilen, Agent tarapyndan toplanýar we depersonalizirlenen görnüşde saklanýar.

7.4.   Agent Müşderiniň şahsy maglumatlaryny marketinge, reklama we maglumat berilmegine degişli maksatlar we aşakda görkezilenler üçin ulanýar:

   Müşderä onuň sargytlary, Müşderiniň alan Biletleri boýunça Çäräniň ýatyrylýandygy, çalşyrylýandygy       ýa-da başga wagta geçirilýändigi barada maglumat bermek üçin;
  Saýtda täzelikleri ýaýratmak üçin.

7.5.Müşderi Saýtda ýerleşdirilýän teklipler bilen bagly SMS-habarlary, şol sanda aşakda görkezilenleri ýaýratmaga hukuklydyr:

täzelikleri;
reklama aksiýalaryny;
ýagdaýlary mälim edýän habarlary.

7.6. Müşderi Agente oýlanyşykly möhletde mälim etmek arkaly, islendik wagtda iberilýän habarlary almakdan ýüz öwürmäge we (ýa-da) Müşderä degişli toplanan ähli şahsy maglumatlaryň ýatyrylmagyny talap etmäge hukuklydyr.