Guramaçylara

Biziň meýdançamyz Siziň çäräňiz barada hemmeleriň bilmegi üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Şeýlelikde, çäre gurnaýjylary hyzmatdaşlyga çagyrýas.

Biz aşakdaky hyzmatlary hödürleýäris:

  • Biletleri bir ulgamyň üsti bilen satmak (web-saýt ýa-da telefon programmasy);
  • Çäreler baradaky maglumatlary jemgyýetçilik torlaryň ýa-da e-mail arkaly köpçülige ýetirmek;
  • Çäreleriň daşky mahabaty.

Biziň ulgamymyz biletleriň satuw derejesini ýokarlandyryp, mahabata edilýän çykdaýjylary azaltmaga mümkinçilik berýär. Saýtda görkezilen ähli çäreler žanrlar boýunça toparlanyp, olara giňişleýin düşündiriş berilýär, foto we wideo materiallar bilen üpjün edilýär, şeýle hem çäräniň geçýän ýeri baradaky maglumat salgysy bilen bilelikde ýerleşdirilýär.

Biziň bilen işleýiş tertibi:

Hyzmatdaşlygyň ilkinji ädimi –  şertnama baglaşmak. Şertnama we girdeýjileriň möçberi çäre baradaky maglumatlara jogap edip ugradylýar.

Üns beriň! Guramaçy hökmünde diňe ýuridiki şahs çykyş edip bilýär.

Şertnama baglaşandan soň, guramaçy saýtyň “Çäre goşmak” bölüminde talapnama (zaýawka) doldurýar. Ol administrator tarapyndan seredilenden soň, guramaçynyň elektron poçtasyna şahsy kabinete girmek üçin parol we login ugradylýar. Guramaçy öz gezeginde çäre baradaky maglumatlary jikme-jik beýan edýär. Şol sanda:

  • afişa jpg formatda, Photoshop ýa-da .tiff  gatlagynda;
  • çäre barada maglumat ýa-da saýt üçin press-reliz;
  • bilet satyn alyjylar üçin gyzykly boljak surat we wideo materiallar; jemgyýetçilik torlarda ýa-da e-mail hatlarda ýerleşdirmek üçin;
  • çykyş edýänler barada gyzykly maglumatlar.

Şahsy kabinet guramaça şu mümkinçilikeri berýär:

  • biletleriň sanyny we bahasyny kesgitlemek;
  • satuwlaryň statistikasyny görmek;
  • satylan biletleriň umumy bahasyny görmek;
  • tehniki we maglumat goldawy.

Hasaplaşyk her gurnaýjy bilen aýratynlykda geçirilýär. Hyzmatdaşlyk üçin + (993) 12 60-60-60 jaň edip ýa-da maglumat@bilettm.com elektron salgysyna ýazyp bilersiňiz.