SORAGLAR WE JOGAPLAR
1.Saýtyň üsti bilen bileti nädip satyn almaly?
Size Bilettm.com saýtynda ýa-da telefon programmasynda bilet almagyň iň täze usullary hödürlenilýär.
Giňişleýin “Nädip satyn almaly” bölüminde okaň.
2. Bileti nädip yzyna tabşyrmaly?
Müşderiniň degişli çärä barmadyk ýagdaýynda pul serişdeler buýurmada hasaba alynan şahsa gaýtarylýar. Saýtda görekezilen ähli şertler ýerine ýetirilýär.
Giňişleýin “Bileti yzyna tabşyrmak” bölüminde okaň.
3.Buýurmanyň tölegini nädip ýerine ýetirmeli?
Buýurmanyň tölegi Altyn Asyr bank kartynyň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.
Giňişleýin “Nädip satyn almaly” bölüminde okaň.
4. Bilet e-mail salga gelmedik bolsa?
Töleg üstünlikli ýerine ýetirilse, emma bilet elektron poçta gelmedik ýagdaýynda, kömek gullugyna ýüz tutup bilersiňiz: + (993) 12 60-60-60 jaň edip ýa-da maglumat@bilettm.com elektron salgysyna ýazyp bilersiňiz.
5.Biletiň bahasynyň näçe möçberini yzyna alyp bilýän?
Çäreden 10 (on) kalendar gün öň yzyna gaýtarmak boýunça ýüz tutulanda biletiň bahasynyň 100% yzyna alyp bilýäňiz. Çäreden 3 (üç) gün öň ýüz tutulanda pul serişdeleri yzyna gaýtarylmaýar.
Pul serişdeleriniň gaýtarylmagynyň wagty we möçberi baradaky maglumatlar bilen “Biletleri yzyna gaýtarmak” bölüminde tanyşyp bilersiňiz.
6.Ýanymdaky ýerleri goşmaça alyp bilýänmi?
Diňe ýerleriň boş bolan ýagdaýynda. Başga ýagdaýda biletleri yzyna tabşyryp, täzesini almaly bolýaňyz.
Üns beriň! Düşünişmezliklere ýol bermezlik üçin biletleri yzyna tabşyrmagyň kadalary bilen jikme-jik tanyş bolmagy maslahat berýäris.
7. Men biletiň tölegini edip ýetişmedim. Näme etmeli?
Eger rezerwirlenen biletleriň tölegini 30 minudyň içinde etmedik bolsaňyz, Siz saýtyň sahypasyny täzelemeli we degişli tertipde gaýtadan buýurma etmeli.
Giňişleýin “Nädip satyn almaly” bölüminde okaň.
8. Näme üçin biletiň bahasynyň tutuş möçberini gaýtaryp bolmaýar?
Köpçülik üçin niýetlenen ofertanyň 4.3, 4.5, 4.6 bölümlerine laýyklykda hyzmat ýygymlarynyň möçberi (eger ol müşderiden bilet satyn alanda saklanylan bolsa), şeýle hem “Sarp edijileriň hukuklaryny goramak” baradaky Türkmenistanyň Kanynyna laýyklykda çekilen çykdaýjylary yzyna gaýtarylmaýar.
9.Haçan gaýtarylan pul möçberi bank kartyma geçer?
Kada bolşy ýaly, serişdeleriň yzyna gaýtarylyp berilmegi bir iş güninden dört iş günine çenli çekýär. Seýrek ýagdaýlarda bu ýagdaý 30 günläp dowam edýär (kartyňyzy beren banka bagly).
10. Näme üçin bileti çäräniň geçýän güninde tabşyryp bolmaz?
Satyn alyjynyň çärä barmadyk ýagdaýynda Köpçülik üçin niýetlenen ofertanyň şertlerine laýyklykda kärhana çäre başlamazdan öň pul serişdeleri yzyna gaýtarýar. Pul serişdeleri çäräniň gecirilmeli senesinden üç iş güninden gija galman yzyna gaýtarylýar (Köpçülik üçin niýetlenen ofertanyň 4.3 bölümi).
11.Alynan bileti başga senä ýa-da çärä çalşyp bolarmy?
Alynan bilet çalşylmaga degişli däldir. Siz Köpçülik üçin niýetlenen ofertanyň şertlerine laýyklykda bileti yzyna gaýtaryp, başga senä ýa-da çärä täze bilet alyp bilersiňiz. Üns beriň! Düşünişmezliklere ýol bermezlik üçin biletleri yzyna tabşyrmagyň kadalary bilen jikme-jik tanyş bolmagy maslahat berýäris.
12. Çärä elektron bileti çap edip gitmek ýeterlikmi?
Hawa. Çärä girmek üçin onlaýn söwdadan soň elektron poçta gelen bileti printerden çykarmak ýeterlik.
13. Mobil bilet nädip peýdalanmaly?
Programmanyň üsti bilen alynan mobil bilet ony printerden çykarmak zerurlygy aradan aýyrýar. Bileti diňe telefonyň ekranynda görkezmek ýeterlik.
14.Tölegi edilen onlaýn bileti nädip almaly?
Buýurma üstünlikli ýerine ýetirilenden soň, bilet birnäçe minudyň dowamynda PDF formatda görkezilen elektron poçta gelýär.
15. Bilet elektron poçta näçe gezek gelip bilýär?
Elektron poçta bilet diňe bir gezek gelýär. Aýratyn ýagdaýlarda kömek gullugyna ýüz tutup bilersiňiz.
16. Men çäräni gurnaýjy. Saýtda nädip hasaba alynmaly?
Hasaba alynmak üçin saýtyň esasy sahypasynda Çäre goşmak bölümini saýlamaly. Soňra talapnama dolduryp, administratordan akkaunta bolan rugsat almaly. Elektron poçtaňyza tassyklama haty geler. Hatdaky salgylanma boýunça geçeniňizde, hasaba alynyşyk tamamlanýar.